- gyzyl
- 1Gan reňkindäki reňk.∙ Neşder urup, gyzyl ganyň dökse-de, Çydadyk biz, çüňki zar eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Ak üzüm gyzyl üzüm bilen bile bişipdir. (R. Seýidow, Bagtlylar)◊ gyzyl ýumruga girmek — Ýumruk salşyp uruşmak, ýumruklaşmak.∙ Biz iki tarap bolup gyzyl ýumruga girdik. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)21) Himiki element, lowurdap duran sary reňkli gymmat baha metal, altyn, tylla.∙ Köşgüň gyzyl çaýylan gapysy örän uly. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Gyzyl görse, Hydyr azar. (Nakyl)2) Göçme manyda Örän gowy, gymmatly.∙ Bu hasyl duran bir gyzyldyr.3) Atylyp alnan bugdaý harmany.∙ Ýakynda atyp taýýarlan gyzylyňyz bar bolsa, bar, atlara iýmlik getir! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ gyzyl tapan ýaly bolmak — Keýpiň kök bolmak, şatlanmak, begenmek.∙ Hojaýyn, kaşgar çaýyny bermeseň boljak däl, biz-e gaty ýadadyk! -- diýip, gyzyl tapan ýaly ýyljyraklap, tirsegine gyşardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ gyzylyň gyryndysy ýaly — Örän owadan, görmegeý, gymmat.∙ Ol gyzyň özi iş geýiminde bolsa-da, iş geýiminiň içinde gyzylyň gyryndysy ýaly bolup görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.